Dünýä ýaň salan şanly wakalar

16 Aprel 2021
1116

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň her bir güni ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan taryhy wakalara beslenýär. Ozal habar berlişi ýaly, şu hepdäniň çarşenbe güni paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu çärelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bolsa olaryň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Täze dolandyryş-işewürlik merkezi kemala gelýän Aşgabadyň günorta böleginde bina edilen nobatdaky desganyň ulanylmaga berilmegi milli senenamamyzyň şanly senesine — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

«Aşgabat».