Lukmanyň maslahaty

16 Aprel 2021
1057

DÜMEWDEN GORANALYŇ!
Häzirki wagtda wiruslar arkaly döreýän, dem alyş ýollarynyň: burnuň, bokurdagyň, traheýanyň, bronhlaryň nemli bardasynyň, käte gözüň nemli bardasynyň zeperlenmegi bilen, ýiti respirator wirusly ýokançlar islendik adama ýokuşyp, sagdyn adama syrkawdan, seýrek ýagdaýlarda ýokanjy göterijilerden geçip bilýär.

Olar gepleşende, asgyranda, üsgürende dem alyş ýollaryndaky wiruslar tüýkülik, gakylyk, burun nemi arkaly daşary çykyp, howa ýaýraýar. Sagdyn adam ýokançlar bilen hapalanan howadan dem alanda ýokarky dem alyş ýollaryna düşýär we nemli bardanyň daşky gatlagynyň (epiteliý) öýjüklerinde ornaşýar hem-de ony zeperlendirýär. Dümew wiruslary bedende köpelýärler we zäherli madda (endotoksin) bölüp çykarmak bilen, bedene zäherlendiriji täsir edýärler (intoksikasiýa). Olar durmuş hajatly zatlar — gap-gaçlar, oýnawaçlar, gapynyň tutawajy, telefonyň trubkasy arkaly galtaşma ýoly bilen hem geçip bilýär. Dümew wiruslary örän ýokuşagan bolup, islendik pasylda çagalara-da, uly adamlara-da ýokuşmagy mümkin. Kesellemeden soň gazanylan immunitet, adatça gysga wagtlaýyn bolýar.

Ogulbaýram MÄMEDOWA,
welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň bölüm müdiri.