Sagdyn durmuş — uzak ömür

16 Aprel 2021
1183

Bedenimiziň saglygy üçin sagdynlyk endiklerini doly we dogry berjaý etmegimiz zerur. Munuň üçin sagdyn iýmitlenmek we iş bilen dynç alşy sazlaşdyrmak, pasla görä geýinmek zerur bolup durýar. Aşa ýadamak, gyzgyn, howasy çalşylmaýan otagda uzak wagtlap bolmak ýa-da tersine aşa sowuk otagda oturmak bolmaýar.

Şeýle-de möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmak maksady bilen her birimiz şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmelidiris. Dürli ýokanç keselleriň howa-damja ýollary bilen ýokuşýandygyny nazara alyp, her gün öýden daşara çykylmanka, burnuň nemli bardasyna oksolin ýa-da asiklowir melhemini çalmagy endik etmeli. Bu birnäçe dürli ýokanç keselleriň bedenimize düşmeginden gorar.

Akjemal ÝAGMYROWA,
welaýat psihonewrologiýa hassahanasynyň lukmany.