Milletiň saglygy – ýurduň baýlygy

15 Aprel 2021
1106

Hormatly Prezidentimiz ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip ýurdumyza getirilen lukmançylyk maksatly «ANSAT» kysymly täze dikuçar bilen tanyşdy. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndaky Kazan dikuçar zawody tarapyndan öndürilen täze tiz kömek dikuçary paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşen saglygy goraýyş edaralarynyň dikuçar meýdançasynda görkezildi.

Täze dikuçar paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň we ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň öňýanynda lukmanlara we paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy. Ýokary tizlikli dikuçar reanimasiýany, ýokary derejeli bejerişi özünde jemlemek bilen şikes alan raýatlara gönüden-göni ýerlerde ilkinji gyssagly lukmançylyk kömegini bermäge mümkinçilik berýän iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Dikuçaryň iň ýokary tizligi sagatda 275 kilometre, iň uzak uçuş aralygy 510 kilometre barabardyr. Onuň ýere gonýan böleginiň goşmaça enjam bilen üpjün edilmegi bolsa, dikuçaryň dag eteklerine, gum we çöllük hem-de barmasy kyn ýerlere gonmaga mümkinçilik döredýär. Bularyň ählisi bu dikuçaryň ýurdumyzda häzire çenli bar bolan şunuň ýaly dikuçarlardan tapawutly aýratynlygydyr.