Aşgabat — döredijiligiň mekany

14 Aprel 2021
814

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylymyz hem taryhy wakalara, rowaçlyklara beslenýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk we Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýuna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu taryhy seneler mynasybetli gözel paýtagtymyzda gurlup, ulanylmaga berilýän desgalaryň hem-de binalaryň sany gün-günden köpelýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde baş şäherimiz Aşgabadyň dünýäniň ösen şäherleriniň iň naýbaşylarynyň birine öwrülendigine aýdyň şaýatlyk edýär.

«Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar» diýip belleýän hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz Aşgabady eşretli ýaşaýşyň we döredijiligiň mekanyna öwürmek ugrunda yzygiderli alada edýär. Milli Liderimiz şöhratly halkymyzyň medeni mirasyna aýratyn sarpa goýýar we ýaş nesilleriň ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelenmegine uly üns berýär. Şu jähetden, ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen deň derejede medeniýet ulgamy hem sazlaşykly ösdürilýär. Häzirki döwürde bu ulgamy ösdürmeklik döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Degişli ugurda amala aşyrylýan özgertmeler binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda hem öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda: «Ýurdumyzda häzirki döwürde medeni maksatly binalar köp gurulýar. Şeýle ymaratlarda zähmet çekýän medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijiligi barha kämilleşýär» diýip belleýär. Munuň şeýledigini Aşgabatda bina edilen medeni maksatly desgalaryň ençemesi doly subut edýär.

Gurbangül MYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.