Uly ösüşlere eýe bolýar

14 Aprel 2021
755

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyz giň gerimli ösüşlere eýe bolup, sanlyja ýyllarda dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy. Günsaýyn ösüp-özgerýän Garaşsyz döwletimiziň ähli pudaklarynda döwrebap işler güýçli depginlerde alnyp barylýar. Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny gazananyndan soň, ähli ulgamlarda ösüş-özgerişleriň ak ýoluna düşdi.

Diýarymyzyň her güni şanly wakalara beslenip, gurulýan ajaýyp binalardyr desgalar göreni haýrana goýýar. Bu bolsa halkymyzy bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamaga, halal zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň çar künjegi baýramçylyk şowhunyna beslenip, raýatlarymyzyň toý şatlygyny goşalandyrýar.