Wepaly alabaý

14 Aprel 2021
884

«It geldi — gut geldi” ýaly pederlerimiziň pähiminde türkmen alabaý itiniň, maddy gymmatlyk hökmünde tarypy ýetirilýär.

Ahalteke bedewlerimiz, halylarymyz, şaý-seplerimiz, saz gurallarymyz ýaly alabaý itleri hem milli baýlyklarymyzdyr. Bu gymmatlyklary ata-babalarymyz gözüniň göreji ýaly saklap, biziň şu günlerimize ýetirip bilipdirler. Köp asyrlaryň dowamynda öz asyl durkuny ýitirmän gelýän alabaý itlerimiz barada näçe söz aýtsaň hem bärden gaýdýar.