Gözelleşýär bu gün oba-şäherler

14 Aprel 2021
745

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän özgertmeleriniň, Maksatnamalarynyň netijesinde mähriban Diýarymyz günsaýyn gülläp ösýär, bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwrülýär.

Arkadag Prezidentimiz halkymyzyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredip berýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, şäherleri, etraplary, şäherçeleri, obalary abadanlaşdyrmak aýratyn hem ilatly ýerlerde arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralara beslemek barada öňde goýulýan wezipeleri ýerine ýetirmek her bir raýatyň mukaddes borjudyr.