Ruhy gymmatlygyň hazynasy

14 Aprel 2021
847

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ata Watanymyzda halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak bilen baglanyşykly möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Öz eserleri bilen halk hakydasynda öçmejek yz galdyran şahyrdyr ýazyjylaryň, bagşydyr sazandalaryň, tanymal sungat ussatlarynyň ömri we döredijiligi, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikler bu günki gün içgin öwrenilip, halkymyza ýetirilýär. Bu babatda ýurdumyzyň kitaphanalarynyň hem paýy uludyr.

Biziň etrap merkezi kitaphanamyzyň gaznasynda hem ýazyjy-şahyrlarymyzyň döreden çeper eserleri bolup, olar ynsan ruhuna, dünýägaraýşyna özüniň ýiti täsirini ýetirýär. Mundan başga-da kitaphananyň tekjelerini hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş berýän many-mazmuna baý kitaplary bezeýär. Ol ajaýyp kitaplar okyjylaryň uly gyzyklanma bilen okaýan eserlerine öwrüldi.

Nargiza HUDAÝBERGENOWA,
Darganata etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.