Çagalykdan başlanýan ömür

12 Aprel 2021
882

«Adyň arşda Arkadagly Aşgabat» atly makalalar toplumyndan

Bagtyýar çagalygyň, bagtdan didelerine nur çaýylan çagalaryň mesgeni hasaplanýan eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ähli gowy zatlar balalarymyzyň ygtyýarynda. Çünki özündäki ähli oňat häsiýetleri terbiýe ulgamy arkaly ogul-gyzlaryna geçirýän halkymyz perzentsöýerligi bilen taryhda uly şan-şöhrat goýupdyr. Özi iýmän iýdiren, geýmän perzendiniň egnine çolan, kirpigini kirpigine gatman, süýji hüwdüleri bilen ezizläp ýetişdiren balalaryna diňe bir öz öýüniň ýa-da obasynyň däl-de, eýsem, Watanyň ykbalyny ynanarlyk derejede mertebe menzilini bagyşlapdyr. Asly ygrar-ygtykatly, ugradan işiniň ugur almagyny, başlan ýolunyň dowamata sapmagyny ýagşy niýetlere besleýän halkymyzyň edýän il bähbitli işleri oňa aýdyň mysal bolup durýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň görküne görk goşup, uzaklardan seleňläp görnende, durmuşyň dowamly hikmetiniň syryny sözläp duran «Älem» medeni-dynç alyş merkezi sözümiziň güwäsidir. Milli Liderimiziň çagasöýer kalbynyň aýdymyna, türkmeniň çog gyzyl halylarynyň öýdümine çalymdaş bu binanyň ady älemde bellidir. Sebäbi ol 2012-nji ýylyň maý aýynda Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Ogulbeg JUMAÝEWA,
«Nesil».