Şu gün Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda mukaddes Oraza aýy başlanýar
Obamy ýa-da şäheriň köp gatly jaýlary, parhy ýok, eljagazlaryna kiçijek ýantorba alyp, çagalygyň hezilini görüp ýören balalaryň şaňňyja sesleri töwerekden eşidilip dur. Olar agzybir, asuda, milli däp-dessurlarydyr edim-gylymlaryny başyna täç eýleýän türkmen topragyna sahawatly Oraza aýynyň gelendigini buşlaýarlar. Çagalaryň: