Sagdyn durmuş ýörelgesi

11 Aprel 2021
1140

Ak bugdaý etrabynyň «Bereketli zaman» şäherçesindäki 44-nji orta mekdepde ýokary synp mekdep okuwçylarynyň hem-de ýaş mugallymlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşygyň esasy maksady ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmekden olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmagyny gazanmakdan ybarat boldy.

Duşuşykda jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri çykyş edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän ajaýyp özgertmeler, raýatlaryň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän şertler barada söhbet açdylar hem-de jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek babatda alnyp barylýan işlere ünsi çekdiler.

Yhlas SAPAROW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.