Noş bolsun!

10 Aprel 2021
1107

Sagdyn iýmitlenmegiň düzgünleri

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, ilatyň saglyk ýagdaýynyň 60 — 70 göterimi iýmitlenmek we durmuş şertleri bilen bagly bolup durýar. Sagdyn iýmitlenmek adamlaryň saglygyny goramaga, daşky gurşawyň zyýanly täsirlerine garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga, ýokary fiziki hem akyl zähmeti boýunça işjeňligine, uzak ýaşamagyna ýardam edýär. Adam bedenine ähli peýdaly we zyýanly maddalaryň, esasan, iýmitiň üsti bilen düşýändigi öz-özünden düşnüklidir. Şol bir wagtyň özünde, peýdaly we zyýanly zatlary saýgaryp iýmek biziň öz erkimizdedir. Şonuň üçin sagdyn iýmitlenmegiň şu aşakdaky esasy ýörelgelerini berjaý etmeli.

Jennet BAÝMUHAMMEDOWA,
Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Ýokanç kesellerini bejeriş-öňüni alyş merkeziniň lukmany.