Jemgyýetiň sagdynlygy ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglydyr

9 Aprel 2021
1074

7-nji aprelde Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çärä bagyşlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Ir bilen Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ýaşlar ýygnandylar. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

«Daşoguz habarlary».