Ruhubelentligiň we rowaçlygyň sakasy

8 Aprel 2021
927

Döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, halkymyzyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we saglyk ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmekde ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar. Ilaty özümizde öndürilýän ýokary hilli, howpsuz derman serişdeleri we saglygy goraýyş maksatly önümler bilen doly üpjün etmek, içerki bazarda import önümleriň ornuny ýerli önümler bilen doldurmak we ýurduň eksport mümkinçiliklerini ep-esli artdyrmak maksady bilen netijeli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz milli saglygy goraýyş ulgamyny öňdebaryjy dünýä tejribesiniň esasynda has-da kämilleşdirmäge uly üns berýär. Geçen ýyl Aşgabat şäherinde Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň hem-de Estetiki merkeziň, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Bagabat şypahanasynyň we Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda täze Ýokanç keseller hassahanasynyň açylmagy ýurdumyzyň saglyk ulgamynyň düzüminiň has-da baýlaşýandygyny aýdyň görkezýär. Bu desgalarda halkymyzyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, olary anyklamakda we bejermekde iň öňdebaryjy usullar ulanmak arkaly halkymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary edilýär.

Şemşat SAPARLYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 15-nji Saglyk öýüniň baş lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.