Şanly sepgitler, möhüm wezipeler

8 Aprel 2021
1013

Düýn Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda «Saglyga bolan hukuk adam hukuklarynyň esasylarynyň biridir» atly sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Onlaýn maslahata Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, 1995 — 2020-nji ýyllar aralygynda saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikler barada gürrüň edildi. Şeýle-de ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşinde hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynda göz öňünde tutulýan işler hakynda aýdyldy. Bellenilişi ýaly, rejelenen görnüşli «Saglyk» Döwlet maksatnamasy 26 bapdan ybarat bolup, onuň esasy maksady ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we keselleriň öňüni almak, ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek bolup durýar. Maksatnamanyň durmuşa ornaşdyrylmagynyň netijesinde ýurduň ilatynyň saglyk ýagdaýy has gowulandyrylar. Saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady mundan beýläk hem pugtalandyrylar, halkara ölçeglerine we talaplaryna, innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamy has kämilleşer.

Aýsenem NURLYÝEWA.
«Türkmenistan».