Sagdynlygyň dünýä derejeli baýramy

7 Aprel 2021
799

Ynsan üçin iň gymmatly baýlyk hasaplanýan saglygy goramagyň, sagdyn bolmagyň ugur-ýoly örän kän. Ýöne doly bahaly saglygyň üpjün edilmegi üçin iň zerur şertleri ýeke-ýekeden sanap oturman, bir jümlede aňlatmaly diýseler, özüm-ä: «Sagdyn durmuş ýörelgesi!» diýip jogap bererdim. Çünki şu üç sözden ybarat jümläniň aňyrsynda sagdyn ýaşamagyň açary bolan görkezijileriň ählisi jemlenen. Düýn — 7-nji aprelde dünýä döwletleriniň 194-sinde, şol sanda Türkmenistanda hem giňden bellenilen Bütindünýä saglyk gününi-de, sözüň doly manysynda, saglygyň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň baýramy diýip atlandyrmak mümkin.

Aslynda, 1950-nji ýyldan bäri her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni her ýylda aýratyn şygar bilen geçirilýär. Onuň esasy maksady saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara meseleleriň çözgüdini bilelikde gözläp tapmak hem-de olara dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek bilen bagly. Elbetde, saglyk hemmeler üçin möhümdir. Ýöne ony goramaklyk her kimiň şahsy jogapkärçiligi. Ynsanyň jan saglygy ähli döwürlerde, ähli ýurtlarda-da iň gymmatly baýlyk hasaplanýar. Onuň esasy sebäpleriniň biri raýatlaryň jan saglygynyň islendik ýurduň kuwwatyny açyp görkezýän, durnukly ösüşini üpjün edýän görkezijidigi bilen baglydyr. Şoňa görä-de, Bütindünýä saglyk gününde ählumumy mowzuk bilen bir hatarda, her ýurduň saglygy goraýyş bilen bagly döwlet syýasaty hem giňden dabaralanýar.

Aýgül RAHYMOWA,
«Nesil».