Kämilligiň sakasy sazlaşyk

7 Aprel 2021
999

7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gözel paýtagtymyz Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş giň gerim aldy. Köpetdagyň sergin howaly eteginden ugur alyp, paýtagtymyzyň merkezine çenli gözel we ak mermerli kaşaň binalaryň arasyndan welosipedli ýörişe gatnaşmak, sabanyň mymyk howasyndan dem almak juda ýakymly boldy. Bu welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy türkmenistanlylaryň buýsanjyny artdyrdy. Uly ruhubelentlige beslenen ýöriş sagdynlygyň hem-de bagtyýarlygyň özboluşly baýramçylygyna öwrüldi.

Ajaýyp bahar paslynyň owadan säheri. Asudalyk. Sergin howa. Arassa asman. Günüň ýaňy dogup gelýän al şapagy. Ynha, bu gözelligiň hakyky nusgasy diýip oýlanýarsyň. Welosipedli ýörişe gatnaşmaga ýygnanyşan her bir adamyň ýüzünde bagtyýarlyk, nuranalyk, mähribanlyk bar. Köpetdagy etekläp oturan ajaýyp şäherimiziň ak hünji deýin düzülen binalaryny görüp, tebigat bilen ajaýyp binagärligiň sazlaşygyndan emele gelen gözellikden ganyp bilmän synlaýarsyň. Şeýle bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyň üçin müň kerem şükür edýärsiň we bu bagtyýarlygy peşgeş beren mähriban Arkadagymyza alkyş aýdýarsyň.

Tawus KAKAÝEWA,
«Watan».