Saglygym — baýlygym

7 Aprel 2021
1062

Şu günler Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ýolöten etrap bölüminiň meýletinçileri we işjeň agzalary etrapda gurlup, ulanylmaga berlen täze sport desgasynda geçirilýän sport çärelerine uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan «Sport ähli ösüşlere, sagdynlyga badalga» ady bilen kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň oýun görnüşi, ýokary synp okuwçylarynyň arasynda bolsa ýeňil atletika boýunça bäsleşikler geçirilýär.

Bu sport bäsleşikleriniň dowamynda sagdyn durmuş ýörelgesi, saglyk barada aýdylan atalar sözleri, şeýle-de, Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň alyp barýan ynsanperwerlik işleri barada söhbetdeşlikler guralyp, sowal-jogap alşylýar.

Nurýagdy MYRADOW,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap wekili.