Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

7 Aprel 2021
916

Häzirki wagtda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýän meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Möwsümleýin ýokanç kesellerden başarnykly goranmak möhümdir. Olar esasan hem howa-damja, şeýle hem elleşip görüşmek ýaly ýollar bilen adamdan adama geçip bilýär. Şonuň üçinem bu meselede eliň arassaçylygyna uly orun degişlidir. Eliňi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmagyň wiruslaryň ýokuşmagynyň öňüni alýandygyny lukmanlar yzygiderli nygtaýarlar.