Şatlyk-şagalaňa beslenen dabara

7 Aprel 2021
1034

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilip geçildi. Bu senä bagyşlanan baýramçylyk dabaralaryna, duşuşyklara we wagyz-nesihat çärelerine has öňräkden badalga berildi. Ol çärelerde hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygyny goramak ugrunda amala aşyrýan tutumly işleri, olaryň oňyn netijeleri, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň saglygy goramakdaky ähmiýeti barada gürrüň edildi. Ösüp gelýän ýaş nesle sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň beden we ruhy sagdynlygy berkitmekdäki peýdasy düşündirildi. Ynsan saglygyna oňyn täsir edýän sportuň görnüşleriniň biri-de welosiped sportudyr. Iki tigirli ulagdan peýdalanýan adamlaryň sanynyň barha artýandygy hem ildeşlerimiziň bu hakykata gowy düşünýändiklerinden habar berýär. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosiped ýörişiniň geçirilmegi, oňa müňlerçe adamyň ruhubelentlik bilen gatnaşmagy hem bu aýdylanlara şaýatlyk edýär.

Düýn ir ertirden ildeşlerimiziň müňlerçesi Amyderýanyň üstünden gurlan awtomobil köprüsiniň sag kenaryna welosipedli ýörişe gatnaşmak üçin jemlendiler. Bu ýerde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Döwlet JUMADURDYÝEW.