Täze traktorlar: üç taraplaýyn hyzmatdaşlygyň miwesi

4 Aprel 2021
1008

Gazagystan döwletinde ýakyn geljekde täsin oba hojalyk taslamasynyň amala aşyrylmagy mümkin we Gazagystan Hytaýyň «YTO» kysymly oba hojalyk tehnikalaryny — traktorlary öndüriji döwletleriň hataryna goşular. Bu taslama üçin maýa goýumy Gruziýanyň «Georgian Industrial Group» maýadarlyk kompaniýasy goýar. Şeýlelikde, täze öndüriljek traktorlar üç döwletiň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň miwesine öwrüler.

Ýakynda Gazagystanyň Senagat we ösüş ministrliginde bu baradaky ýörite Ähtnama gol çekildi. Ýöne täze taslamanyň gruzin maýadarlarynyň Gazagystanda amala aşyrýan ilkinji taslamasy däldigini hem aýtmak gerek. Olaryň hyzmatdaşlygy bilen ozal Gazagystanda «Acros» we «Vector» kombaýnlarynyň önümçiligi hem ýola goýuldy.

Laçyn GELDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.