Dünýäniň görki, gözelligi, ynsanyň soňlanmajak aýdymy — ene! Adamyň ýaşaýşy, ömri ene bilen bagly. Onuň dünýä bolan söýgüsi enäniň üsti bilen kemala gelýär. Ene bolmak, janyňdan jan beren perzendiňi bagryňa basyp, ese-boýa galýança azabyny çekip, gijeleriň ukusyny gurban etmegiň özem özboluşly bagtdyr.
Eneleriň kalbyndan mähir, ýylylyk çogup çykýar. Ene hüwdüsiniň keramatly owazy — çaganyň dünýä gelip, ilkinji diňleýän aýdymy. Şol aýdymyň üsti bilen bolsa, ene öz çagasyna durmuşyň ähli süýjüliklerini geçirmelidir. Perzendiň gözleriniň hanasy enäniň söýgi ummanynyň mähri bilen dolmalydyr.