Işjeň hereket — ömrüňe bereket

31 Mart 2021
808

Bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyna, durnuklylygyna «immunitet» diýilýär. Adam bedenine daşky gurşawdan howa, iýmit, durmuş galtaşyklary arkaly del maddalar, ýagny mikroblar, wiruslar, bakteriýalar we beýleki kesel dörediji mikroorganizmler aralaşyp bilýär. Ýöne adam bedeniniň immun ulgamy gije-gündiziň dowamynda hereketde bolup, olara garşy göreşýär. Immuniteti ýokary adamlara howa şertleriniň birden üýtgemegi, magnit hadysasy ýaly ýagdaýlar onçakly güýçli täsir etmeýär. Olaryň immuniteti bu ýagdaýlara garşy berk durup, işjeň göreşýär.

Immuniteti pugtalandyrmagyň iň ygtybarly usuly sagdyn durmuş ýörelgesiniň düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmekdir. Munuň üçin dogry iýmitlenmek, zyýanly endiklerden we nerw dartgynlylygyny döredýän ýagdaýlardan gaça durmak, işjeň hereket etmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak zerurdyr.

Durdymuhammet PENAÝEW,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň kiçi ylmy işgäri.