Sagdynlyk — baş ýörelgämiz

30 Mart 2021
1006

Ak bugdaý etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň guramagynda maslahat geçirildi. Onda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, ýaramaz endiklerden daşda durmak, ahlak arassalygy dogrusynda gürrüň edildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň we kärdeşler arkalaşygynyň edara-kärhanalardaky ilkinji guramalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda bolan maslahatda çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden belleniljek ýylynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, Gahryman Arkadagymyzyň barha rowaç alýan başlangyçlarydyr tutumly işleri dogrusynda gürrüň berdiler. Çykyşlarda ösüş-özgertmelere beslenen şeýle taryhy döwürde sagdyn durmuş ýörelgelerine gyşarnyksyz eýermegiň, ýaramaz endiklerden daşda durmagyň we Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerine saldamly goşant goşmagyň möhümdigi barada aýratyn nygtalyp geçildi.