Arassa howada taplanmak

30 Mart 2021
863

Arassa howa adamyň saglygyna ömürboýy täsir edip, onuň hemişe janynyň sag, ruhubelent ýaşamagyna hemaýat edýär. Munuň üçin daşarda gezim etmegiň uly ähmiýeti bar. Arassa howanyň saglyga peýdasy kändir.

Günde birnäçe gezek otaglaryň howasyny çalşyp durmaly, arassa howada gezelenç etmeli. Arassa howada gezelenjiň uly ähmiýeti bar. Mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar günde 3-4 sagatdan az bolmadyk wagtyň dowamynda gezelenç etmelidirler. Şonda her dürli oýunlar oýnasalar örän ýaramlydyr.

Bibimeýrem BERDIMYRADOWA,
Aşgabat şäheriniň 16-njy Saglyk öýüniň şepagat uýasy.