Sagdyn bedende — sagdyn ruh

29 Mart 2021
1122

Sagdyn we bilimli nesil biziň aýdyň geljegimizdir. Mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygy, nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy hakynda aladalar hemme zatdan ýokarda goýlup, häzirki zaman dünýäsiniň talaplaryna laýyklykda, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş çärelerini geçirmek, sporty has-da ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, beden taýdan berk we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly üstünlikler gazanylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» ýörelgesinden ugur alyp, okuwçylary hem-de ilatyň ähli gatlaklaryny sporta çekmek işi giňden ýaýbaňlandyrylýar. Sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly bolmak, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmak ýaşlaryň beden taýdan berkäp,  dürli derejede guralýan sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşmaklaryny we uly üstünlikler gazanmaklaryny üpjün edýär. Mähriban Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlar zerur bilimlere we başarnyklara eýe bolmak bilen bir hatarda, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil, maksada okgunly bolmalydyr. Munuň üçin bolsa Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ähli şertler bar.

Tahyr BALKANOW,
Türkmenbaşy etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy.