Geçen hepdäniň anna güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasyny tassyklamagy ähli ildeşlerimizde, esasan-da, saglygy goraýyş işgärlerinde uly şatlyk döretdi.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ilatyň saglygyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak hem-de saglygy goraýşy halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek maksady bilen kabul edilen bu resminama wezipeleriň uly toplumyny kesgitleýär.