Saglygy goraýyş ulgamynyň batly gadamlary

29 Mart 2021
783

Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we işjeň wagyz edijisi bolmak bilen, saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn we yzygiderli kämilleşdirmek meselesine aýratyn üns berýär. Bagtyýarlyk döwrümizde bu wajyp ulgamyň ösdürilmegi, lukmanlaryň hünär ussatlygynyň kämilleşdirilmegi, öňüni alyş, anyklaýyş we bejeriş işlerine halkara tejribesiniň ornaşdyrylmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Indi diňe bir iri şäherlerde däl, eýsem, çetki obalarda hassahanalardyr saglyk öýlerinde hem hormatly Prezidentimiziň saglygy goramak baradaky taýsyz tagallalaryndan ugur alnyp, ilata ýokary hilli hyzmat edilýär. Has dogrusy, keseli anyklamak üçin ozalky ýaly merkeze gitmek zerurlygy ýüze çykmaýar. Biziň zähmet çekýän hassahanamyzda hem şeýle döwrebaplyk ýola goýlup, dünýäniň ösen tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylýar. Şolaryň biri hem merkeze Ýaponiýadan täze getirilen «SL — 450» atly çyraly enjamdyr. Ol göz kesellerini anyklamaga we bejermäge ýardam edýär. Enjamyň aýratynlygy göz kesellerini we döräp biläýjek käbir näsazlyklary dessine anyklaýandygyndan ybarat.

Annamyrat KLYÇEW,
Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçe hassahanasynyň göz keseller bölüminiň lukmany.