Terbiýäniň terezisi

29 Mart 2021
752

Zähmete nesil terbiýesiniň özeni, ölçeg terezisi diýsek, biz bilen ylalaşjaklaryň köp boljakdygyna berk ynanýarys. Hut şonuň üçinem biz şu pikir ýöretmämizde hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky nesil terbiýesine degişli parasatly aýtgylar dogrusynda söhbet etmekligi ýerlikli hasapladyk.

Gahryman Arkadagymyzyň her bir jümlesi altyna barabar manylary özünde jemleýän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda ösüp gelýän ýaş nesillere zähmet terbiýesini ündeýän «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy» atly bölüm ýerleşdirilen. Bölümiň sözbaşysyndan hem belli bolşy ýaly, ynsanyň iň bir gowy gylyk-häsiýetleriniň kemala gelýän tejribe mekdebi, elbetde, zähmet terbiýesi bolup durýar. Milli Liderimiz bu eserinde bir akyldaryň zähmetiň adamy üç sany dertden — garyplykdan, näsaglykdan, ýürek gysmadan halas edýändigini belländigini agzaýar. Hakykatdanam, ynsanyň durmuş menzilindäki bagtyň, üstünligiň we berekediň rysgal çeşmesiniň gözbaşyndaky sakçysydygyny pelsepewi manyda alsak, onda erjellik we tutanýerlilik şol sakçynyň badalga nokadydyr. Ynsan arman-ýadaman zähmet çekip, bagtyň açaryny edinýär. Şonuň üçinem ata-babalarymyz nesillere ýaşlykdan zähmete söýgi we sarpa goýmagy ündäpdirler. Olar ilkinji basgançaga gadam basmagy çagalaryna hojalygyň ýönekeýje ýumuşlaryny tabşyrmak bilen amala aşyrypdyrlar. Bu bolsa nesillerde ýaşlykdan maşgalanyň öňündäki jogapkärçilik we borçlulyk duýgularynyň kemala gelmegine sebäp bolupdyr.

Maýagözel MOMMALIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.