Bagtyň gözleginde (Durmuş we biz)

29 Mart 2021
923

Gadymy ertekilerde, rowaýatlarda we dessanlarda adamlar kynçylyklaryň, şowsuzlyklaryň, ýeter-ýetmez durmuşyň soňuna çykmak üçin mukyt garaşylýan bagtyň gözlegine çykypdyrlar. Bagtyň gözlegine çykanlar ony köplenç bir gurruk guýynyň düýbünden tapypdyrlar. Gurruk guýy munuň özi içiniň suwy guran, ynsan oglunyň ulanmaýan kör guýusydyr. Eýsem, ýagty jahanda şeýle gözel hem-de owadan ýerleriň bar wagty bagtyň baryp gurruk guýynyň içinde gizlenmeginiň sebäbi nämedekä?!

Bagty Kap dagyndan agtaranlar hem bolupdyr. Ol ýerden bagty tapmadyklar bolsa: «Bagt Kap dagynyň arkasynda mesgen tutupdyr» diýipdirler. Emma bagtyň gözleginden aýlanyp-öwrülip ýene-de öňki giden ýerine dolanan adamlaryň arasynda bagtyň elmydama öz ýanynda hemradygyna düşünenler hem bolupdyr. Şonuň üçin adamlara elýetmez gymmatlyk bolan bagtyň nämedigini, ony nireden, nädip agtaryp tapyp bolýandygyny düşündirmek üçin taryhda ençeme akyldarlar, ýazyjy-şahyrlar bagtly bolmagyň ýollaryny ündäp geçipdirler. Emma adamlaryň hersi bagt diýen düşünjäni özleriçe maddylaşdyryp, ony käbir maddy gymmatlyklara syrykdyrypdyrlar. Edil süýji nygmatlar taýýarlanylanda goşulmaly önümleriň sanawynyň düzülişi ýaly, bagtly bolmak üçin hem edilmeli işleriň, zerur şertleriň sanawy kesgitlenilipdir. Ýöne şeýle-de bolsa bagtyň örän ýönekeý zatdygyna düşünenler hem az bolmandyr. Beýle adamlar bagty saglykda, ruhy baýlykda, agzybirlikde, ýurduň asudalygynda, ylymly, bilimli, sabyrly, şükürli we kanagatly bolmakda görüpdirler. Olar bagtyň şol gymmatlyklaryň ýanyndan hiç wagt aýrylyp gitmeýändigine akyl ýetiripdirler. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy:

Şageldi ÝABANOW,
«Nesil».