Demokratik ýörelgelere esaslanyp

29 Mart 2021
1162

28-nji martda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda, şeýle hem Halk Maslahatynyň karary esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi.

Saýlawlara welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň jemi 231-si gatnaşyp, olar degişli saýlaw toparlary tarapyndan hasaba alyndy, ýagny saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 37-si, Balkan welaýatynda 39-sy, Daşoguz welaýatynda 39-sy, Lebap welaýatynda 38-si, Mary welaýatynda 39-sy, Aşgabat şäherinde 39-sy hasaba alyndy.

«Aşgabat».