Aşgabat: geçmişden şu güne

29 Mart 2021
1029

Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek we ony mundan beýläk hem ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahatynda Aşgabadyň köp wakalary başyndan geçiren gadymy şäherdigini, köpsanly pidalara hem-de weýrançylyklara getiren 1948-nji ýylyň ýer titremesinden soňra onuň düýbünden täzeden dikeldilendigini, soňky ýyllarda ony ösdürmäge ägirt uly üns berilýändigini, munuň üçin uly möçberli maýa goýumlaryň gönükdirilýändigini, çäginiň has-da giňeldilýändigini belledi.

Hakykatdan hem, häzirki zaman uly şäherlerde döwrebap ýaşaýyş olaryň abadanlaşdyrylyşyna baglydyr. 140 ýylyň içinde Aşgabat agyr we kyn taryhy ýollary başdan geçiripdir. Ol uly bolmadyk türkmen obalygyndan döwrüň iri megapolis şäherine öwrüldi. Aşgabat türkmenleriň merkezi şäheri hökmünde esaslandyrylandan soň, amatly geografik çäkde ýerleşendigi üçin tiz wagtda ähmiýetli söwda merkezine öwrülipdir. Ol örän çalt depginde ösüpdir. Döränine ýaňy 8 ýyl bolup geçende, «Tуркесmанские ведомосmи» gazeti Aşgabat şäheri barada şeýle ýazypdyr: «Aşgabat — uly we söwdagärler şäheri. Bu ýerde Eýran bilen söwda edýän merkez bar. Köçeler göni, olarda simmetriýa saklanypdyr. Umuman, şäher örän medeniýetli, diňe jaýlaryň ýasy üçekliligi onuň Aziýa şäheridigini bildirýär. Bag köp, wokzal uly, amatly we owadan. Ondaky naharhana örän oňat, ähli zat bol we arzan». 1889-njy ýylda Aşgabatda 654 sany söwda dükany, 121 sany hünärmentler dükany, 33 sany kerwensaraý, 2 sany myhmanhana, 15 sany naharhana bolupdyr. Şäheriň ilaty örän çalt artypdyr. Merkezi şäherimizde 1893-nji ýylda 15 adama hyzmat edýän ilkinji hassahana açylypdyr. Onuň üçin hususy öýleriň birini kireýine alypdyrlar. Diňe 1901-nji ýylda hassahana ýörite gurlan jaýa göçüp barypdyr. 1894-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Aşgabatda köçeleri ýagtyltmak üçin 246 sany yşyklandyryjy çyralar bolupdyr. 1899-njy ýylda paýtagtymyzda jemi 2002 sany bina bar eken we bu san yzygiderli artypdyr. 1908-nji ýylyň 14-nji awgustynda Aşgabatda «Sport» jemgyýeti, 1919-njy ýylda Aşgabat şäher ýaşlar guramasy döredilipdir. 1925-nji ýylyň 5-nji iýunynda şäherimizde «Modern» kinoteatry, 1929-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmen döwlet drama teatry, 1935-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda 1000 sany tomaşaçy üçin niýetlenen «Çeperçilik» kinoteatry, 1963-nji ýylyň 6-njy noýabrynda bolsa täze uly ekranly «Watan» kinoteatry açylyp ulanylmaga berlipdir. 1963-nji ýylda Türkmen döwlet drama teatryna «yşk mülküniň şasy» nusgawy şahyrymyz Mollanepesiň ady dakylypdyr. 1925-nji ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyzda ilkinji awtobus gatnawy ýola goýlupdyr. 1937-nji ýylyň 8-nji martynda Aşgabatda Merkezi küşt-düzzüm kluby açylypdyr. Ondaky zehinli küşt ussatlarymyz 1961-nji ýylyň 14 — 26-njy maýynda Aşgabatda geçirilen Aziýa boýunça halkara küşt ýaryşyna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolupdyrlar.

Ýazgeldi ÇARYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.