Maslahat geçirildi

29 Mart 2021
786

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň taryhy günlerinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy. Golaýda lukman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň saglyk ulgamyny ösdürmek baradaky tagallalaryndan ugur alnyp, Mary şäher iç keselleri hassahanasynda welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň guramagynda maslahat geçirildi. Oňa welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.

Bu ýerde welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Abdylla Kakalyýew, Mary etrap hassahanasynyň lukmany Soltangözel Kulyýewa, welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany Täzegül Beknazarowa, welaýat onkologiýa hassahanasynyň şepagat uýasy Zöhre Agajanowa, Mary şäher iç keselleri hassahanasynyň newropatolog lukmany Kömek Aýdogdyýew çykyş etdiler.