Ýüpek gurçugy idedilende ýangyn howpsuzlygy

29 Mart 2021
1195

Golaýda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory Orazmyrat Çaryýew bilen duşuşdy we ýüpek gurçugy idedilýän döwürde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri hakda gürrüň bermegini haýyş etdi.

— Ýurdumyzda ýüpege bolan isleg ýylsaýyn artýar. Sebäbi ýüpek halk hojalygynyň hajatlary üçin zerur bolan çig maldyr. Ýüpekçiligi ösdürmekde welaýatymyz hem öňdebaryjylaryň biridir. Ýüpek gurçugynyň çykarylýan, iýmitlendirilýän döwründe we pile gaýnadylýan wagtlarda dürli gurluş elementli hem ýangyna çydamly jaýlar, saraýlar, mal saklanylýan jaýlar we başgalar peýdalanylýar. Ýörite gurlan peçleriň kömegi bilen şol jaýlaryň gyzgynlygy hemişe 23-24 gradusda saklanylmalydyr. Köplenç, hemişelik peçler, aýry-aýry halatlarda bolsa wagtlaýyn peçler ulanylýar.