Kakadylan ir-iýmişler

29 Mart 2021
746

Bereketli türkmen topragymyzda ynsan saglygyna peýdaly bolan ir-iýmişleriň dürli görnüşleri ýetişýär. Ak bazarlarymyzda ýylyň ähli paslynda hem dürli ir-iýmişler bar. Adam bedenine zerur ýokumlary özünde jemleýän ir-iýmişleriň kakadylan görnüşleri hem örän peýdalydyr. Geliň, olaryň käbiri baradaky gymmatly maglumatlar bilen tanşalyň!

Erik kişdesi: iň ýokumly ir-iýmişleriň biri bolmak bilen, ol esasan, ýürek-damar kesellerinde, ysgynsyzlykda bedeni gurplandyrmak üçin ulanylýar. Kişdäniň bäş-on sanysyny agşam ýatmazdan öňürti gaýnan suwa demläp, ir säherde ajöze içseň, ýürek-damarlaryny iýmitlendirmekde haýyrlydyr. Ol biziň milli tagamlarymyzy taýýarlamakda hem köp ulanylýar.