Uzak ýaşamagyň syry nämede?

29 Mart 2021
829

Onuň syry zähmetiň we dynç alşyň dogry guralmagynda, zyýanly endiklerden daşda bolmakda, sagdyn iýmitlenmekde, maşgala abadançylygyndadyr. Şol bir wagtyň özünde-de, uzak ýaşamaga ýaşaýyş-durmuş şertleri, ilatyň durmuş endikleriniň aýratynlygy täsir edýär. Muny geçirilen barlaglar hem tassyklaýar.

Uzak ýaşaýanlaryň, adatça, degna işjeňligi güýçli we deňagramly bolýar. Aglaba gerontologlaryň pikirlerine görä, uzak ýyllaryň dowamynda ýaşaýşa ukybyň saklanylmagyny genetiki aýratynlyklar bilen hem şertlendirip bolar.

Atajan ISMEDOW,
welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany.