Şamar saçy wasp edip

29 Mart 2021
1753

Ýakynda welaýat medeniýet müdirliginiň maslahatlar zalynda «Iň uzyn saçly gyz ― 2021» diýen at bilen bäsleşik geçirildi. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi we welaýat baş bilim müdirligi bilelikde guradylar. Bäsleşige welaýatymyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 8―11-nji synp gyzlary gatnaşdylar.

Jemi üç şert boýunça geçirilen bu bäsleşigiň dowamynda türkmen gelin-gyzlarynyň gelşigi bolan uzyn saçlaryň tarypy belentden ýetirildi. Bäsdeşler saçlaryny ösdürmekde we olara timar bermekde ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlary berjaý edişlerini, milli emleri ulanyşlaryny gysgaça sahnalaryň üsti bilen beýan etdiler. Şeýle hem bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda okuwçy gyzlar dürli nusgadaky türkmen milli lybaslaryny geýip, öz saçlarynyň gözelligini görkezdiler we uzyn saçlaryň waspyny etdiler. Netijede baş baýraga Farap etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Jennet Gündogdyýewa mynasyp boldy. Köýtendag etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Leýli Hemraýewa we Halaç etrabyndaky 49-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Jemal Jumadurdyýewa degişlilikde birinji we ikinji orunlary eýelediler. Çärjew etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Jennet Jumaşowa bolsa bäsleşigiň üçünji baýrakly ornuna mynasyp boldy. Ýeňijilere we oňa gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.