Sagdyn durmuşyň binýady

28 Mart 2021
820

Welaýat häkimliginiň meýilnamasy esasynda, Ahal welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Welaýatymyzyň saglygy goraýyş işgärlerinden we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden ybarat bolan wagyz-nesihat topary tarapyndan agzalan kärhananyň işgärleriniň arasynda geçirilen maslahatda howa şertleriniň üýtgemegi bilen baglanyşykly döräp bileýjäk kesellerden goranmak we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek barada gürrüň edildi. Onuň barşynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda ýurdumyzda alnyp barylýan guwandyryjy işler, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikler, halkymyzyň saglygyny goramakda durmuşa geçirilýän üstünlikli çäreleriň ähmiýeti dogrusynda aýdylanlar gyzyklanma bilen diňlendi.

Maslahatda çykyş edenler sagdyn iýmitlenmek, agyz-burun örtüklerini ulanmak, 2 metr howpsuz araçägi saklamak, arassaçylygy berjaý etmek bilen baglanyşykly gymmatly maslahatlar berdiler hem-de ynsan saglygy hakdaky aladany ähli zatdan ilerde goýýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözler aýdyldy.