Il saglygy ― bagtyýar durmuşyň berk binýady

23 Mart 2021
976

Ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almakda we olara garşy göreşmekde uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz adamy döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary baýlygy hasaplamak bilen, ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramaklyga ägirt uly üns berýär.

Ýurdumyzda diňe BSGG tarapyndan güwälendirilen sanjymlar alnyp, häzirki wagtda 14 keseliň, şol sanda inçekeseliň garşysyna öňüni alyş sanjymlary geçirilýär. Her ýylyň 24-nji martynda Inçekesele garşy bütindünýä göreş güni mynasybetli çäreler guralýar.