Bagtyýarlygyň sakasy

22 Mart 2021
912

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygyny goramak baradaky wezipäni döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde durmuşa geçirmegi häzirki wagtda ynsan saglygy hakdaky aladalaryň oňyn netijelerini bermegine getirdi. Dünýäniň ösen döwletleriniň lukmançylyk ylmynyň gazananlaryna, öňdebaryjy tejribelere daýanýan milli derman senagatyny önümçilige ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzda berk binýatly saglygy goraýyş ulgamy döredildi. Ulgamyň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, döwrebap hassahanalaryň, anyklaýyş merkezleriniň, saglyk öýleriniň yzygider gurulmagy, şonuň ýaly-da raýatlary sagdyn durmuşa ugrukdyrýan ýörelgeleriň berjaý edilmegine uly ähmiýet berilmegi ýurdumyzda ynsan saglygy hakdaky aladanyň sazlaşykly häsiýetde durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.

Raýatlaryň ömrüni we saglygyny, hukuklaryny, azatlyklaryny goramak wezipeleri ýörite kanunçylyk namalary arkaly berkidilýär. Bu ugurdaky kanunçylyk hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Halkyň saglygy babatda umumydöwlet bähbidinden ugur alnyp, «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we başga-da birnäçe hukuk namalary kabul edildi. Bu kanunlar halkymyzyň saglygyny goramagy we berkitmegi kadalaşdyrmagy maksat edinýär.

Myrat GAZAKOW,
Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.