Kinesiz göwün — abadan ömür (Durmuş we biz)

20 Mart 2021
1007

Adam özüni bilip başlandan bäri, sözüň göni manysynda «özüni bilip» başlaýar. Haýran galaýmaly, ýaňy bir ýaşap geçen çagadyr welin, özünden bary-ýogy bir ýarym ýaş uly doganynyň gujagymda oturanyny gören oglum ylgap gelip, gyzymy turuzjak bolýar. Onuň süýşüp ýer bereni bilenem oňaýanok. Oňa ejesiniň tutuş gujagy gerek... Onuň maksady, (eger ýalňyşmasam) özüniň birinjiligini elden bermezlik. Eger-de oňa: «Oglum, doganyňam oturaýsyn. Ikiňizem sygýaňyz ahyry» diýäýsem dagy, özi gürläp bilmese-de, gujagy paýlaşmaga yryljak bolýandygyna düşünen çaga gözünden boýur-boýur ýaş döküp başlaýar. Iň gyzykly ýeri, ol öz gujak paýlaşmaly doganyndan däl-de, şol gujagyň eýesi — öz ejesinden öýkeleýär...

Her adam — bir dünýä. Her dünýäniň öz kadasy, öz düzgüni bar. Hiç kim başga bir adam, hatda iň ýakynlary tarapyndan hem öz dünýäsiniň düzgünlerine üýtgeşiklik giriziljek bolunsa halamaýar. Hakykatdanam, eger inçelik bilen yzarlap otursaň, adam mydama öz iň gowy görýän, özüne iň ýakyn hasaplaýan adamlaryndan öýkeleýär. Ýakyn däller her näme diýse-de, ol ony piňine alman bilýär. Emma ýakynlarynyň diýen, hatda diýmedik ýekeje zady-da ony öýkäniň bulançak derýasyna oklap bilýär. Duýgularyň iň irnigi, iň gaýkysy bolan öýke biziň durmuşymyzda, gurluşymyzda şeýle bir mäkäm orun tutupdyr welin, onuň inçejik, emma berk penjeleri göwnümizi islän wagty dyrnaçaklap goýberýär. Ýöne özümizi hernäçe gowy hasaplaýan bolsak-da, bu «awuly» hadysanyň sebäbini bizi öýkeleden kişiden görmeli däl. Sebäp — biziň özümizde. Meselem, eger-de biz haýsydyr bir ýakyn gatnaşykdan ejir çeken bolsak ýa-da çeper sözde aýdanymyzda «ýanan» bolsak, onda ol biziň şol gatnaşyga, ýagny «oda» beýleki birinden has ýakyn durandygymyz bolýar. Gatnaşyga sowuk-sala garamak hem gowy däl. Eýsem, onda näme etmeli? Edilmeli zat, islendik gatnaşykda-da özüňi öňe oklap, «oda» juda ýakyn barman, ondan gaty uzaga hem çekilip ýörmän, deň aralygy saklamagy başarmak. Saýlamaly. Oda ýakyn barsaň, ýanýarsyň, ondan daşda dursaň, üşeýärsiň. Diýmek, bize ondan ýakymly ýylylyk gelip durar ýaly aralygy tapmak gerek bolýar. Sen söýgi gatnaşygyny saklaýan bolsaňam, dostluk gatnaşygyny saklaýan bolsaňam hiç bir gatnaşygyň senden pida talap etmeýändigine öz wagtynda, entek pida öwrülmänkäň düşünjek bolmaly. Dogrusy, ol aňsat zat däldirem welin...

Aýgül GARAÝEWA,
žurnalist.