Keşbi nusgalyk şäher

20 Mart 2021
747

Ak şäherimizde döredilýän binagärlik dürdäneleri merjen paýtagtymyzyň gözel keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Ol binalarda ata Watanymyzda berkarar bolan täze eýýamyň belent ruhy, häzirki döwrüň ýaraşyklylygy we ajaýyplygy öz beýanyny tapýar. Şanly baýramlara barýan günlerimizde hem şeýle binalardyr desgalaryň onlarçasyny açyp, halkyň hyzmatyna bermek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň netijesinde ak mermerli gözel paýtagtymyz Aziýanyň merjen şäherine öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bilen birlikde, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şöhratly senesi baýramçylyk dabaralaryna beslener.

Gurban PALTABAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.