Guramaçylykly geçdi

19 Mart 2021
919

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň geňeşiniň kararyna laýyklykda, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda KA-nyň komitetiniň hasabat-saýlaw ýygnagy geçirildi. Oňa kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Ýygnakda hasabat döwründe kärdeşler arkalaşyklarynyň tertipnamasyna laýyklykda wezipeleriň ýerine ýetirilişi, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň gazanan üstünlikleri, hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde öňde duran wezipeler barada giňişleýin gürrüň edildi.

Şeýle hem kärdeşler arkalaşyklarynyň guramasynyň komitetiniň we derňew toparynyň täze düzümi saýlanylyp, üstümizdäki ýyl üçin iş we maliýe meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we tassyklanyldy.

Şatlyk MUHAMMEDOW,
TKA-nyň welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni.