Nowruz — rysgaldan nyşan

19 Mart 2021
834

Halklary biri-birine golaýlaşdyrýan baýramçylyklaryň biri bolan Halkara Nowruz baýramy iň gadymy döwürlerden bäri bellidir. Nowruz gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagty bolup, şol günden soň gündiziň dowamlylygy gijäniňkiden uzaýar. Ygalyň mukdarynyň artmagy bilen bahar paslynyň tämiz howasyndan nemlenen sährada gögeren otlar başlaryny göge tutup, ösüp başlaýarlar. Käbir halklar ýaz paslynyň gelmegi bilen ýere ýyly gidip, 21-nji marty ýaşaýşyň nyşany diýip düşünýärler.

Nowruz baýramy 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.