Al-elwan güller içinde

19 Mart 2021
1105

Ynsan kalbyna ruhubelentlik we galkynyş, jümle-jahana diriliş hem täzeleniş paýlaýan bu nurana baýram — Milli bahar baýramy mart aýynyň 21-22-sine giňden bellenilip geçilýär. Ol gül-gülälekli Nowruz baýramy bilen utgaşyp gelýär.

Milli bahar baýramy halkymyzyň alyp barýan we amala aşyrýan işleriniň özenini, geljege ynamly ýolunyň manysyny, ruhubelentligi hem täzelenişi, ýagşylygy hem berekedi, bagtyýarlygy hem abadançylygy alamatlandyrýar. Asyrlarboýy halkyň hakydasyna nur çaýyp, taryhyň synaglaryndan geçip gelen, millet hökmünde özüni tanatmakda, geçmişine, şu gününe, geljegine göz ýetirmekde, ata-babalarymyzyň synmaz ruhuny aňlara hem kalplara siňdirmekde we geljekki nesillerimize miras hökmünde geçirmekde juda uly gymmaty bolan Milli bahar we Nowruz baýramlary uly dabara we joşguna beslenýär.