Kalbymyz joşa gelýär

19 Mart 2021
1212

Tebigata jan girip, gül-gülälege beslenip, gelen bahar adamlaryň kalbyny joşa getirýär. Bahar paslyny garşylap, gözel tebigatyň gujagynda ýaýnaýan ynsan ýüregi ajaýyp gözellige beslenýär. Tebigatyň şu gözelligine syn edeniňde bahar paslynyň gözel görnüşleri haýrana goýýar.

Bahar paslynyň ilkinji aýynda bolsa, toý-baýramlarymyz goşa-goşadan gelýär. Ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde aýdym-saza beslenip, bellenilýän Halkara Nowruz baýramy hem ýetip geldi. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da uludan tutulýan bu toý şatlyk-şowhuna beslenýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Halkara Nowruz baýramyna ulus ilimiz taýýarlykly barýar.