Baýramçylyk buýsanjy

19 Mart 2021
786

Pasyllaryň soltany baharyň gelmegi bilen älem-jahan gülzarlyga öwrülýär. Köňüllerem misli bahar deýin joşup, kenaryna sygmaýan derýalara ogşaýar.

Öňdenem goýny toýdur-baýramlara baý Diýarymyzyň baýramçylyklary goşa-goşadan gelýär. Ýap-ýaňy Halkara zenanlar gününi toýladyk. Ynha, bu gün bolsa, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz baýramy ýetip geldi. Gündogar halklarynyň gadym eýýamlardan bäri belläp gelýän bu baýramy baharyň ýyly demi bilen tebigatyň, bütin älem-jahanyň dirilişini alamatlandyrýar. Hut şonuň üçin hem ol Nowruz — täze gün diýlip atlandyrylypdyr. Ol täze günüň, täze ýylyň, ýaşaýşyň, söýginiň, mähir-muhabbetiň başlangyjy saýylmak bilen baýramlaryň seresi hökmünde görülýär.