Köňüllerde bagtyýarlyk joşguny

19 Mart 2021
695

Ýurdumyzda toýlar toýa ulaşýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Milli bahar baýramy mynasybetli geçirilýän medeni çäreler hem barha giň gerim alýar.

Golaýda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Jemgyýetçilik guramalarynyň, Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilen bu maslahat «Halkyň abadan durmuşy hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň baş ugrudyr» diýlip atlandyryldy. Çykyş edenleriň buýsanç bilen belleýişleri ýaly, ýurdumyzyň ähli ulgamlaryndaky sazlaşykly ösüşler il-ýurt bähbidine gönükdirilendir. Ol bolsa, öz gezeginde, halkymyzyň bagtyýarlygyny, Watanymyzyň kuwwatlylygyny üpjün edýär. Maslahata gatnaşyjylar «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni ähli babatda rowaçlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

Nartäç KAÝYPOWA,
Türkmenistanyň medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň esasy hünärmeni.