Hünärim bar — hormatym bar

18 Mart 2021
930

Şeýle at bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde geçirilen bäsleşige onuň etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçy gyzlar gatnaşdy.

Ýaşlarda halkymyzyň taryhyna, däp-dessurlaryna, medeniýetine, ene-mamalarymyzdan gelýän el hünärine söýgi döretmek we milli gymmatlyklarymyza buýsanjy artdyrmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşik şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Bäsleşige gatnaşyjy okuwçy gyzlar «Meniň söýýän hünärim», «Hünär öwreden halypam» atly şertler boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler, şeýle-de emin agzalarynyň sowallaryna jogap berdiler.

Merdan ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy. SURATLARDA: bäsleşikden pursatlar.